Primary tabs
Submitted by museum on 05.12.2024
Ýurdumyzda gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmekde jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan döredilýän ähli mümkinçilikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň barha ösýän talaplaryna doly derejede laýyk gelýär.
Sebitde hem-de dünýäde, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni döwlet derejesinde hem-de halkara derejesinde aýratyn ähmiýete eýedir.
Halkara Bitaraplygymyzyň ХХIX ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy ̶ abadançylygyň kepili» atly sergi gurnaldy.
Sergide hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän zergärçilik eserleri, daşary ýurt döwletleriniň baýdaklary şekillendirilen fotosuratlar toplumy, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan, döwrümizi wasp edýän şekilli halylary ajaýyplygy döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.
Sergini gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra Türkmenistanyň Мejlisiniň deputaty Maýa Hojyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangözel Saparowa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan Şöhrat Gylyjow, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowa çykyş etdiler.