Ynsanyň wepaly dosty – Türkmen alabaýy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýtýan, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň dünýäde şöhratlanmagynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, Türkmen alabaýlarynyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Bu assosiasiýa ilkinji nobatda Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esaslarda alyp barmaga, alabaýlaryň gadymdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Türkmeniň adam ýaly syzýan, wepaly dosty hasaplaýan türkmen alabaýlary milletimiziň at-abraýyny artdyryp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmen alabaýynyň dünýädäki abraýyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenip geçilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ynsanyň wepaly dosty – Türkmen alabaýy» atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan şekilli halylara aýratyn orun berilýär. Olarda alabaýyň çydamlylyk, ygtybarlylyk, gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri çeperçilik bilen beýan edilýär. Şeýle-de, sergide muzeýiň arheologiýa gaznasynda saklanýan arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan toýundan ýasalan itiň heýkeljikleri, ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan gadymy fotosuratlar, alabaý iti bilen bagly zergärçilik eserleri, nakgaşçylyk eserleri, heýkeller görkezilýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Teatrlar we tomaşa edaralary» bölüminiň başlygy Agamyrat Baltaýew, «Behişdi ahalteke atlary» hem-de «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnallarynyň baş redaktory Narly Nuryýew, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Mary welaýat merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy Atamyrat Süleýmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşiniň başlygy Bezirgen Orazmämmedow, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Furkatjan Matkurbanow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen alabaýynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy, wepalylygy barada giňişleýin çykyş etdiler.