Primary tabs
Submitted by museum on 21.10.2024
Mälim bolşy ýaly Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni we gumanitar çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu taslama halkara giňişlikde türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Taslamanyň çäklerinde Türki dünýäsiniň Muzeýler birleşigi döredildi. Geçen 2023-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirilipdi. Şol ýerde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň 2024-nji ýyl üçin estafetasyny Türkmenistanyň muzeýine, ýagny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysyna geçirildi. Şeýle bolansoň 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagynda birnäçe maslahatlar we çäreler geçirildi. 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyna aýlanyp gördüler we muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata TÜRKSOÝ halkara guramasynyň muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysy Jawid Möwsümlü, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň «15-nji iýul Demokratiýa» muzeýiniň direktory Ali Haýdar Atalar, Moldowa Respublikasyndan Gagauz Milli taryhy we etnografiýa muzeýiniň direktory Lýudmila Marin, Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet Taryhy muzeýiniň direktorynyň orunbasary Elmira Suerkulowa, Özbegistan Respublikasynyň Milli Taryhy muzeýiniň direktorynyň orunbasary Durdona Rasulowa, Demirgazyk Kipr Türk taryhy, medeniýeti Milli muzeýiniň direktory Emine Emel, Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň direktorynyň orunbasary Amalbek Omirtaý, Tatarystan Respublikasynyň Bilimler akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Ismet Zaatow gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew ýylyň dowamynda Muzeýler birleşiginiň eden işleri barada giňişleýin hasabat berdi.
Şu günki geçirilen TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahatyň ahyrynda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň 2025-nji ýyl üçin estafetasyny Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň direktorynyň orunbasary Amalbek Omirtaý kabul etdi. Maslahat tamamlanandan soňra TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalary paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna we «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp gördüler.