Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahaty

2024-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Änew şäheriniň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Änew şäheriniň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ekspozisiýasyna aýlanyp gördüler we bu ýerde görkezilýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Maslahatyň açylyşynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew alyp bardy. Maslahatda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysy Jawid Möwsümlü, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň «15-nji iýul Demokratiýa» muzeýiniň direktory Ali Haýdar Atalar, Moldowa Respublikasyndan Gagauz Milli taryhy we etnografiýa muzeýiniň direktory Lýudmila Marin, Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet Taryhy muzeýiniň direktorynyň orunbasary Elmira Suerkulowa, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Taryhy muzeýiniň direktorynyň orunbasary Durdona Rasulowa, Demirgazyk Kipr Türk taryhy, medeniýeti Milli muzeýiniň direktory Emine Emel, Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň direktorynyň orunbasary Amalbek Omirtaý, Tatarystan Respublikasynyň Bilimler akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Ismet Zaatow çykyş etdiler. Maslahat günüň ikinji ýarymynda dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat türkmenbaşy adyndaky milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ýolbaşçysy Dörtguly Rejepow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Тürkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismaýyl Orazow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangybaýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Maksat Kerimow, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Döwlet Baýramow, Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýörite taýýarlan prezentasiýalary arkaly öz muzeýleri barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalary çykyşlar barada pikir alyşdylar, şeýle hem medeniýet ulgamyny ösdürmäge hem-de muzeý işini kämilleşdirmäge giň ýol açan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, milli mirasymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge, bütin dünýä tanatmaga, şunuň ýaly maslahatlary geçirip, daşary ýurtly muzeý hünärmenleri bilen öz pikirlerini paýlaşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Maslahat tamamlanandan soňra daşary ýurtly muzeý hünärmenleri «Seýit Jemaletdin» ýadygärlik toplumyna aýlanyp gördüler.