Primary tabs
Submitted by museum on 30.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak we goramak, sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, türkmeniň şöhratly taryhyna söýgi döretmek hem-de öz hünär ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň muzeý işgärleri maksatlaýyn häsiýetli işleri alyp barýarlar. 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkezi tarapyndan «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen ýurdumyzyň muzeýleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen hünär bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige gatnaşýan her bir muzeý işgäri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, muzeý işini, milli mirasymyzy wasp edýän döwrebap ylmy maglumatlary, usuly gollanmalary, gazet-žurnallarda, ministrlikleriň we muzeý saýtlarynda çap edilen makalalary, teleradioýaýlymlarda, sahnalarda çeper okaýyşlary, çykyşlary bilen bäsleşigiň birnäçe şertlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň Etnografiýasy ylmy-barlag» bölüminiň müdiriniň orunbasary Merjen Nuryýewa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylara we ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar hem gowşuryldy.