Primary tabs
Submitted by museum on 20.09.2024
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi gurnaldy. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Wideo şekiller arkaly Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan şol üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär.
Mundan başga-da sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän surat eserlerine esasy orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Nepes Rozyýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Saparmyradow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Atdaýewa çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergä aýlanyp gördüler hem-de muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.