Primary tabs
Submitted by museum on 23.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sarsmaz ruhy sütünine öwrülen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy öwrenmek we türkmen edebiýatyny dünýäde dabaralandyrmakda giň şertler döredilýär. 2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Akyldaryň paýhasy – halkyň ruhy binýady» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Soňra «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy, şahyr Jumamyrat Artykow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Magtymgulyşynas Ýusup Lallakow, Arkadag şäherindäki Aman Gulmammedow adyndaky drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Ýagmyr Gurbannazarow çykyş etdiler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy baý mazmunly hem-de köp taraply mirasy bilen tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlan beýik şahsyýet hökmünde bolandygy we dana akyldaryň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleriniň ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada çykyş edenler aýratyn bellediler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wideoşekile tomaşa etdiler. Görkezilen wideoşekil döredijilik duşuşygyna özboluşly öwüşgin berdi. Döredijilik duşuşygyndan soňra onuň çäklerinde türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda «Miras» teleýaýlymy tarapyndan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýan Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.