Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Döwrebap eserleriň sazlaşygy» atly sergi gurnaldy

2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Döwrebap eserleriň sazlaşygy» atly guralan serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu sergide ata Watanymyzyň gözel tebigatyny taryplaýan peýzažlar, Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan şaý-sepleri we maddy-medeniýetimize degişli önümleri wasp edýän natýurmortlar, taryhy-medeni ýadygärlikleri we milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän taslama eserleri, amaly­haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşleri, zenanlaryň el işleri, heýkel eserleri sergilendi. Sergide Döwlet muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen döwrebap sungat eserleri görkezildi. Sergide görkezilen her bir sungat eseri döwrebap we milli äheňde bolup, özara sazlaşykda muzeýiň wagtlaýyn sergi zalynyň ekspozisiýasynda özboluşly, owadan öwüşgin döretdi. G.Baýramowyň «Asman gülleri», O.Iljanowyň «Altyn güýz», G.Ýazmuhammedowanyň «Rahatlyk» we beýleki hünärmenleriň döredijilik eserleri sergini görmäge gelen myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergini gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Gahryman Goçmyradow, Juma Amangeldiýew, Jeren Baltaýewa we Şirin Gylyjowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işler bölüminiň etnograf-rejeleýjisi Gunça Ýazmuhammedowa çykyş etdiler.