Muzeýe berlen sowgatlar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň kolleksiýasynyň üsti täze esbaplar bilen ýetirildi. Estrada we opera aýdymçysy Myrat Diwanaýew golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gymmatly arhiw suratlary, afişalary, nakgaş eserleri, öz aýdymlarynyň ýazgylaryny sowgat hökmünde tabşyrdy. Nakgaş eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýew tarapyndan ýerine ýetirilen Myrat Diwanaýewiň portreti hem bar. Ol surat eserinde Diwanaýewiň ýaşlyk ýyllary beýan edilýär. Myrat ýaşlyk ýyllarynda nakgaşçylyk bilen hem gyzyklanypdyr. Onuň muzeýe gowşuran eserleriniň arasynda ilkinji türkmen gitaraçysy Yslam Babaýewiň portreti ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Aýdymçy peýzaž, natýurmort eserlerini döretmegi halaýar. Sowgat berlen suratlaryň arasynda ajaýyp owadan edip çekilen gawunly natýurmorty ünsüňi özüne çekýär. Ol nakgaşçylyk eserlerini döretmegi suratkeş doganlar Aman we Çary Amangeldiýewlerden öwrenipdir. Keramikanyň gizlin syrlaryny öwrenmekde ussat Tagir Ibragimowdan sapak alyp, özboluşly keramiki küýzeleri döredipdir. Gowşurylan esbaplaryň arasynda onuň döredijilik ýoluna dahylly köp sanly teatr afişalary, suratlar hem bar. Dogrusyny aýtsak, ol sungatyň ähli ugurlarynda yz galdyrypdyr, grafiki işleri, galam bilen çekilen suratlary, portret nakgaşçylygy, natýurmortlary, keramiki işleriniň onlarçasyny, saz eserlerini, romanslaryny, meşhur aýdymlaryny we liriki goşgularyny olaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu sowgat berilen esbaplar Döwlet muzeýiniň dürli temalara bagyşlanan sergilerini bezär.