Medeniýet-halkyň kalbynyň altyn hazynasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Рyragy” ýylynda halkymyza ruhy lezzet paýlaýan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de çuň manyly şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu şanly baýramçylyklaryň bilelikde bellenilmegi akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigini, ýurtda medeniýet ulgamyndaky syýasatyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görmek bolýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet – halkyň kalbynyň altyn hazynasy” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri we ýylyň şygary bilen açylýar. Şeýle-de sergide Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýadygärlikleri janlandyrýan ussat suratkeşler G.Töräýewiň “Köneürgenç”, G.Nurlyýewiň “Astana-baba”, “Soltan Sanjar”, “Şirkebir mаwzoleýi”, “Zergär” atly eserleri hem-de toýundan ýasalan gaplar, syrçaly küýzeler we çyrag ýaly esbaplar görkezilýar. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň “Rodoguna”, şeýle-de ýaş suratkeşler G.Ýazmuhammedowanyň “Milli gymmatlyklarymyz”, Ş.Rejepowyň “Gadymy senet” ýaly nakgaş eserleri öz beýanyny tapýar. Gadymýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen gyzyl kürte, ýaşyl, sary çyrpylar we gül tahýa, bukja, çaý halta, kürtekçe, boýunbag ýaly el işleri sergide aýratyn orun tapýar. Döwlet muzeýimiziň gaznalarynda XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri saklanylýar. Şolardan gülýaka, aý halka, eginlik, tumar, ýeňselik, goşa asyk, dört goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Sergini gutlag sözleri bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow, suratkeş Rejep Muhammedow, Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.