Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigini, ýurtda medeniýet ulgamyndaky syýasatyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Bagtyýar ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň eserleri halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Dana Pyragynyň eserlerinde türkmen halkynyň edebi mirasy, medeniýeti, sungaty eriş-argaç bolup geçýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet - halkyň ruhy baýlygy” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri we ýylyň şygary bilen açylýar. Şeýle-de sergide Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýadygärlikleri janlandyrýan ussat suratkeşler G.Töräýewiň “Köneürgenç” G.Nurlyýewiň “Astana-baba”, “Soltan Sanjar”, “Şirkebir mawzoleýi”, “Zergär” atly eserleri hem-de toýundan ýasalan gaplar, syrçaly küýzeler, çyrag ýaly esbaplar görkezilýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň “Rodoguna”, şeýle-de ýaş suratkeşler G.Ýazmuhammedowanyň “Milli gymmatlyklarymyz”, Ş.Rejepowyň “Gadymy senet” ýaly nakgaş eserleri öz beýanyny tapýar. Gadymýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen gyzyl kürte, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan, gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, çyrpylar we gül tahýa, bukja, çaý halta, kürtekçe, boýunbag ýaly el işleri, şeýle-de keçe önümleri sergide aýrytyn orun tapýar. Döwlet muzeýimiziň gaznalarynda XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri saklanylýar. Şolardan gülýaka, aý halka, eginlik, tumar, ýeňselik, goşa asyk, dört goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän 72 saz gurallarynyň aýratyn bir bölegi bolan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz hem sergide görkezilýär. Sergini gutlag sözleri bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Magtymgulyşynas Ýusup Lallakow, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy Jumamyrat Artykow çykyş etdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gülşirin Annamyradowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy kafedrasynyň” uly mugallymlary, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýgül Ýagşyýewa hem-de Dürjemal Çaňlyýewa Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym aýtdylar.