Primary tabs
Submitted by museum on 10.06.2024
Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni diýip bellenip geçirilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem Ylymlar güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Ylym özgertmeler ýolunda möhüm ugurdyr» atly sergi gurnady. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet nyşanlary we ýylyň nyşany bilen başlanýar. Ylymlar gününe bagyşlanan sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agtaryş işleriň dokumental foto suratlary we ýurdumyzyň çäginden tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy , täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperçiligi bilen ünsüňi özüne çekýär.
Serginiň ikinji bölüminde Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar giňden görkezilýär. Bu ýerde mikroskop, barlaghana enjamlary, Türkmenistanyň çäginden gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary bolan: hek daşlary, mermer oniks, halsedon, kükürt, selestin, angidrit, gips we başga mineral daşlar görkezilýär. Serginiň dowamynda gadymy haýwanlaryň daşlaşan galyndylaryny öwrenýän paleontologiýa ylmyna degişli eksponatlary hem görmek bolýar. Olaryň arasynda ammonitler, balykgulaklar, deňiz kirpiler, daşa öwrülen agajyň böleginiň gadymylygyna garamazdan biziň şu günlerimize ýetip gelendigi, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrýar. Ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar giňden görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri Saparmyrat Annamuhammedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarnyň kanditaty Ogulgerek Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlaryň kandidaty Ejebaý Kokanowa, “Ahal durmuşy” gazediniň bölüm redaktory Dürnabat Aşуrowa gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.