Primary tabs
Submitted by museum on 23.05.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, şäherlerimizdir obalarymyzy döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ak şäherimiz Aşgabat şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze gurulýan toplumlaýyn binalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bitirilýän beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.
Aşgabat şäheri – bu bir sungat eseri. Sebäbi paýtagta seredeniňde, türkmen halkynyň ähli gymmatlyklaryny, sungat äleminiň genji-hazynasyny, halkymyzyň millilikden gaýdýan ajaýyp keşbini görmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda «Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» atly sergi guraldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň, seýilgähleriň we suw çüwdürimleriň suratlaryny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren ajaýyp kitaplaryna serginiň görnükli ýerinde orun berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan ajaýyp halylar, fotosuratlar, nakgaş eserleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserleri serginiň täsirini artdyrýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli gol ýazmalar institutynyň ylmy işgäri Täzegül Hapyzowa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow, «Aşgabat” gazetiniň habarçysy Maýagözel Goşaýewa çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.