Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Kämil Konstitusiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady” atly sergi açyldy

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kämil Konstitusiýa – ýurdumyzyň ösüşleriniň binýady” atly sergi geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Ýaşyl tugumyz milli guwanjymyz bolup, BMG-niň edara binasynyň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, wekilhanalarymyzyň öňünde parlamak bilen, buýsanjymyzy pugtalandyrýar, göwünlerimizi galkyndyrýar. Döwlet nyşanlarymyz bolan Konstitusiýa we ýaşyl Tugumyz döwletimiziň gözbaşynyň halkdygyny, iň ýokary gymmatlygyň adamdygyny alamatlandyryp, olarda türkmeniň milli, medeni, ruhy gymmatlyklary jemleýär. Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr. Baýramçylyk sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary görkezildi. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Sergide Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jeren Geldiýewa, “Milli goşun” žurnalynyň jogapkär kätibi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Indira Gandi adyndaky Aşgabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Mahym Gubiýewa çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar milli baýdagymyzyň ähmiýeti, onuň belent manysy, mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgular okadylar. Bu çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda, müzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.