Primary tabs
Submitted by museum on 07.05.2024
Şu ýyl 1941–1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren urşuň Ýeňiş bilen tamamlanmagyna 79 ýyl dolýar. Dünýä taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda mukaddes ýörelgelere eýerip, müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler.
Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sarpasy belent gahrymanlar» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Serginiň girişinde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli ýerde ýerleşdirildi. Berdimuhammet Annaýewiň hem Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi biziň üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, wepalylygyň ýokary nusgasy bolup durýar.
Şeýle-de serginiň dowamynda Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer” atly eseri bu ýerdäki kitap sergisini özboluşly bezeýär.
Serginiň dowamynda 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň makedi, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby lybasy, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary hem görkezilýär. Bu ýerde 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek üçin altyn-kümüş bezeg şaýlary, esgerler üçin ýyly egin-eşikleri tabşyryp duran dokumental fotosuratlara hem orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabatlandyryş we neşir işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Dabarada Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Hormatly il sylagly ýaşulysy Orazguly Karataýew, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew gatnaşdylar hem-de täsirli çykyş etdiler.