Primary tabs
Submitted by museum on 03.05.2024
Magtymguly Pyragy we milli miras
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili, kerwenbaşysy Magtymguly Pyragy joşgunly zehinini, manyly ömrüni mähriban halkyna bagyş eden, Watanyny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäde giňden wagyz edilýär. Şahyryň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, bu eserler milli edebiýatymyzyň egsilmez hazynasy bolup, ähli ynsanlarda uly gyzyklanma döredýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler, medeni gymmatlyklarymyzy giňden ylmy esasda öwrenmek, gadymdan gelýän milli mirasymyzy wagyz etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlary asyrlar aşyp, kämilleşip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzyň milli mirasyny geljekki nesillere öwretmek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şunda halkymyzyň aňynda, ynam-ygtykadynda öçmejek yz galdyran beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, belent ynsanperwerlik ýörelgesiniň ähmiýeti örän uludyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, üns aladasy netijesinden milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary gelejekki nesillere ýetirmek, bize miras galan paýhasly hazyna bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hormat goýmak, ony yzygiderli öwrenmek bu günki gün uly borç bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklardan haly önümlerine degişli bolan halyçalar, torbalar, ikselikler, düýehalyklar, atýapynja, at torba ýaly maddy gymmatlyklara serginiň görnükli ýerinden orun berildi. Serginiň merkezinde gadymdan bäri dowam edip gelýän milli saz sungatymyzyň ajaýyp senedi bolan gyjak bilen dutar, at esbaplaryndan eýer, haly eýerlik, gamçy, serkeç, ýüň darak, şeýle-de öý hojalygynda ulanylan okaradyr çemçeler, agaç we demir sokular sergimizi has hem baýlaşdyrdy.
Şol serginiň çäklerinde “Miras” teleýaýlymy bilen ýazgy geçirildi. Bu tele ýazgyda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Hemra Durdyýew, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýörite ders mugallymy Merdan Kakabaýew, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Merjen Nuryýewa, Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.