Primary tabs
Submitted by museum on 12.04.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň at owazasy bütin dünýäde arşa göterilýär. Türkmen tebigaty diýseň jana şypaly, owadan hem gözeldir. Şeýle tebigatda-da türkmen atlary dünýä inýär. Türkmen bedewleri pederlerimiziň mähri, güneşiň çogy, müň dürli derman otlar bilen kemala gelip, ajaýyplyga ýetýär.
Atdan ýyndam, atdan duýgur, atdan güýçli, atdan ýeňil gopýan hiç bir jandaryň ýokdugyny bedewler subut edendirler. Çünki at – türkmeniň ýüregi, toýlarynyň bezegi, halkyň buýsanjy, guwanjy, şöhrat-şanydyr. Olaryň nurana keşbinde mukaddes topragyň ezizligi, şöhratly pederlerimiziň yhlasy bar. Onuň deňsiz-taýsyz owadan keşbi ýurdumyzyň Döwlet Tugrasyny bezeýär. At toýnagynyň dükürdäp çykýan sesleri parahatçylygyň, jebisligiň, agzybirligiň mährem mukamy bolup eşidilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Gözelligiň nusgasy – türkmen bedewi» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan I.Işangulyýew, P.Gapançaýew ýaly nakgaşlaryň bedew temasynda döreden eserleri görkezilýär. Bu ýerde ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary bilen birkemsiz bezelen keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. Muzeýiň gazanlarynda saklanylýan at esbaplarynyň, gadymy bezeg şaýlarynyň, haly önümleriniň, keçeleriň görkezilmegi sergini baýlaşdyrýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Durdy Mergenow, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň ýaşuly mugallymy – Jumaberdi Artykow, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Jennet Seýdiýewa çykyş etdiler. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Merjen Nuryýewa alyp bardy.
Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gözelligiň nusgasy – türkmen bedewi» atly sergä aýlanyp gördüler.