Türkmen-täjik dost-doganlyk gatnaşyklary

Türkmen we täjik halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 2-5 aralygynda Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleri we Magtymguly Рyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uly çäreler geçirildi. Duşanbe şäherinde ýerleşýän Täjigistanyň milli muzeýinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Serginiň açylşygyna müňden gowrak täjik halkynyň raýaty we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Ol sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan birnäçe el işleri, haly önümleri, türkmen gelin-gyzlarymyzyň şaý-sepleri görkezildi. Iki ýurdyň arasynda guralan ýokary derejeli saparlar döwletara gatnaşyklary mundan beýläkde çalt depginlerde ösdürmegiň möhüm şerti bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk boýunça toplanan kuwwatdan has doly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hoşniýetli ýörelgelere esaslanýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygy häzirki zamanyň talaplary esasynda yzygiderli ilerledilip, ol halklaryň bitewi bähbitlerine gönükdirilýär.