Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Guşlar tebigatyň bezegi” atly sergi gurnaldy

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli gurnalan “Guşlar tebigatyň bezegi” atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Muzeýde ilkinji gezek ýaş suratkeşleriň guşlara bagyşlanan suratlary sergilendi. Bu sergä Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 2-nji, 6-njy, 7-nji çagalar sungat mekdepleriniň, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de “Rodoguna” hojalyk jemgyýet gysga möhletli kurslarynyň okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşige 6 ýaşly çagalardan başlap, 20 ýaşa çenli bolan ýaşlar öz çeken suratlaryny hödürlediler. Ýaş suratkeşler öz işlerinde Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zallarynda ýerleşýän guşlaryň gäplerini ussatlyk bilen çekip, olaryň ajaýyp owadanlygyny, üýtgeşikligini reňkleriň üsti bilen görkezmegi başardylar. Olaryň suratlary dürli tehnikada: nakgaşçylyk, grafika, applikasiýa görnüşlerde ýag, akwarel, pastel reňkler hem-de galamyň kömegi bilen çekilip, olar biri-birinden tapawutlanýar. Ondan başga-da sergide ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň gäpleri, guşlara degişli ylmy we ylmy-populýar kitaplar, žurnallar hem-de sowgatlyklar sergilendi. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekilleri, Aşgabat şäher sungat we çeperçilik mekdepleriniň mugallymlarydyr okuwçylary, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy hem-de alyp bardy. Soňra duşuşykda biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Ramsar konwensiýa boýunça toparynyň ýolbaşçysy Eldar Rustamow, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri, ornitolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçilikleýin habar beriş bölüminiň wekili Ajap Baýgeldiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň wagyz-ündöw işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa we Türkmenistanyň Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Kakabaýew çykyş etdiler. Serginiň açylyş dabarasynda Aşgabat şäheriniň 143-nji mekdebiniň okuwçylary guşlar barada taýýarlanan kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Guşlaryň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi okuwçylaryň çeken suratlary boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara Hormat haty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowsurdy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, onda ýerleşdirilen çagalaryň çeken suratlaryny gördiler.