Primary tabs
Submitted by museum on 18.03.2024
2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 2-nji mart aralygynda ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki J.Pol Getti muzeýiniň wekilleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ikinji iş saparlary amala aşyryldy.
Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň ýanwar aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslama boýunça Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki J.Pol Getti muzeýiniň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelipdiler. Olaryň maksady Gadymy Merwden tapylan, V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek üçin 3D görnüşde surata düşürmek hem-de beýleki barlag enjamlar bilen doly öwrenmekden ybaratdy.
Amerikan hünärmenleriniň bu gezekki iş saparynyň maksady Buddanyň heýkeliniň kelle böleklerini gorap saklamak we dikeltmek üçin zerur serişdeleri, skaner enjamyny hem-de beýleki enjamlary muzeýe getirip, milli gymmatlygy doly öwrenmek, şeýle-de bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen duşuşyklary geçirmekden ybarat bolup durýar.
Hünärmenler 3D printeriň kömegi bilen goldaw bermek üçin niýetlenen üç sany goldaw parçalaryny ýasap getirdiler. Häzirki alynyp barylýan işiň dowamynda Buddanyň heýkeliniň kelle böleklerini getirilen goldaw parçalarynyň içine salyp öňki konserwasiýada ulanylan örtükleri we doldurgyjy seresaplylyk bilen aýyrýarlar. Bu iş örän usullylyk bilen ýerine ýetirilýänligi üçin örän köp wagt sarp edilýär. Öňki doldurgyçlardan arassalanandan soňra hasa meňzeş, ýöne rejeleýiş işleri üçin ýörüte niýetlenen ýuka örtük bilen ýörite ýelim arkaly berkitme işini alyp barýarlar.
Bu işleri bitirenlerinden soňra deslapky 3D görnüşde Buddanyň kellesiniň bar bolan bölekleri dikeldip, ýetmeýän parçalaryny kesgitlemegi meýilleşdirýärler.
Bu saparyň dowamynda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek we rejelemek boýunça geçiriljek işleriniň muzeýiň gymmatlyklaryny gorap saklamakda bähbitli hem-de netijeli boljagyna ynanýarys.