Primary tabs
Submitted by museum on 15.03.2024
Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri adamzadyň taryhynda dörän iň gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz tebigatyň öýanýandygyny, bahar paslynyň gelmegini, güneşli howany alamatlandyrýar. Nowruz diňe bir adamzadyň köňülleriniň baýramy bolman, eýsem ol tebigatdaky janly-jandarlaryň hem baýramydyr. Taryha ser salanymyzda Nowruz ilkinji gezek Mesopotamiýada, ýagny Şumerler tarapyndan bellenilipdir. Şumerler bu baýramy “Akitil” diýip atlandyrypdyrlar. Şumerleriň dilinde “til” sözi “täzeden dogmak”, “ýaşamak” diýen manylary aňladypdyr. Gözbaşyny taryhyň köklerinden alyp gaýtýan bu baýram 2010-njy ýylda BMG tarapyndan halkara derejesine öwrüldi. Şol ýyldan bäri hem bu baýramçylyk bütin dünýäde halkara derejesinde “Halkara Nowruz baýramy” diýip ulydan bellenilýär. Şeýle hem Bu baýramçylyk agzybirligiň, jebisligiň, myhmansöýerligiň, ruhybelentligiň, parahat ýaşaýşyň nyşany hökmünde köňüllerimizde ýer aldy.
Türkmen halkymyzyň Nowruz baýramçylygy bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary bardyr. Nowruzda esasan däp bolşy ýaly semeni milli tagamy taýýarlanylýar. Bişirilýän birnäçe türkmen tagamlary dost-ýarlara, goňşylara paýlanylýar. Birek-birege mähirli ýyly gutlag sözleri aýdylýar, ýylyň bereketli bolmagy arzuw edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Nowruz–täze günüň, täzelenişiň toýy» atly sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda goralyp saklanylýan türkmen tebigatynyň gözel baharyny, gül-gülälekli meýdanyny wasp edýän haly-pannolar, ussat suratkeşlerimiziň ýagny W.Maýkowskiniň “Nowruz”, ýaş suratkeş G.Ýazmuhammedowanyň “Güller” atly surat eserleri görkezilýär. Mundan başga-da sergide muzeý gymmatlyklaryndan türkmen zenanlarynyň dakynan bezeg şaýlaryndan ganatly egme, adamlyk, şelpeli gülýaka, gursakça, heýkel, dört goşma bilezik şeýle hem çarçuwaly bezeg şaýlarymyz görkezilýär. Serginiň dowamynda türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünärinden dörän, sünnälenip keşdelenen ýaşyl, sary, ak çyrpylar, sümmen tahýa, kirlik, çykyş tahýa, gülli jorap, el bukja, ak gaýma tahýa ýaly el-işlerimiz özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milligini görkezýän “Ak öýi” emele getirýän böleginde türkmen zenanlarynyň degirmende un üweýän we Nowruz baýramynyň esasy milli tagamy bolan semenini taýýarlaýan pursatlaryny, bugdaý maýsalaryny, şeýle hem sazanda bagşylary emele getirýän kompozisiýany synlamak bolýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.
Sergide Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Aşgabat şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Bibigözel Mämmedowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi Hemra Durdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak Bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri Uzukjemal Ýazmyradowa çykyş etdiler. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edildi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Nowruz–täze günüň, täzelenişiň toýy» atly sergä aýlanyp gördüler.