Zenanlar – gözelligiň dünýäsi

Her ýylyň bahary Halkara zenanlar güni – gelin-gyzlaryň baýramy bilen başlanýar. Gelin-gyzlarymyz bahara, bahar bolsa gelin-gyzlarymyza bäs eýleýär. Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda çagalar bagyna gatnaýan eýjejik gyzjagaşlardan başlap ak saçly mähriban enelerimize, zähmet çekýän güler ýüzli gelin-gyzlarymyza pul sowgady gowşurulýar. Bu sowgat ata Watanymyzda mähriban ynsanlara bolan söýginiň, hormatyň ýene bir nyşanydyr. Şatlyk-şowhuna, beslenen Halkara zenanlar güni güneşli Diýarmyzda milli ýörelgelere laýyklykda uludan bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zenanlar – gözelligiň dünýäsi” atly sergi gurnaldy. Sergi gadymýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekleriň reňklerini özünde jemleýän keşdelenen ýaşyl, sary, ak çyrpylar hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler sergä bezeg berýär. Bulardan başga-da sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan türkmen zenanlaryny bezeýän gadymy zenan şaý-sepleri we häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Ussat suratkeşlerimiziň hem-de muzeýiň hünärmenleriniň çeken eserleri sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyz Y.Gylyjowyň “Jadyly nagyşlar”, Ş.Akmuhammedowyň “Halk döredijiligi” atly eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gaýdýan inçe senedini wasp edýärler. R.Muhammedowyň “Ene”, G.Barannikowanyň “Gelin”, Ş.Mämmedowanyň “El hünäri il gezer” ýaly eserlerinde bolsa mähriban enelerimiziň ýaş nesilleri terbiýelemekde we maşgalada örän uly ornunyň bardygyny görmek bolýar. Ş.Rejepowyň “Gadymy senet” atly eserinde çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Kupriniň, W.Maýkowskiniň nakgaş eserlerinde bolsa reňkleriň ýitiligi ýaz paslynyň ajaýyplygyny ýatladýar. Sergide ýaş suratkeş G.Ýazmuhammedowanyň “Gelin”, “Güller” “Milli gymmatlyklarymyz” atly nakgaş eserleri ilknji gezek görkezilýär. Bu şanly dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Ogulbaýram Durdyýewa açdy. Dabarada Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşulular geňeşiniň agzasy ene Kümüş Ataýewa, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew çykyş etdiler.