Primary tabs
Submitted by museum on 22.06.2023
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI
Şu gün 2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti”atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwy geçirildi. 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinden 4-nji maý aralygynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, Duşak şäherçesindäki arheologiýa bazasynda, arheologiýa tapyndylary konserwasiýa etmek we rejelemek üçin ýörite ylmy- rejeleýiş ussahanasynda okuw-maslahat geçirildi. Ol ýerde Fransiýa döwletinden gelen gadymyýeti öwreniji hünarmen Estel Ottenwelter ýurdymyzyň ähli künjeklerinden seminara gatnaşan muzeý hünärmenleri bilen öz iş tejribesini paýlaşdy. Döwlet muzeýiniň Çeperçilik-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň müdiri Gurbanmuhammet Baýramow we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň 1-nji derejeli rejeleýjisi Söýün Sähetgylyjow şol saparda öwrenen iş tejribesini paýlaşmak üçin tejribe alyş-okuw sapagyny geçdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda arheologiki tapyndylary rejelemegiň usullaryny we abatlaýyş işlerinde ulanylýan ýörite serişdeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýlelikde rejeleýişe degişli bolan keramiki küýze we metal önümleri dikeldilen görnüşine getirildi. Bu okuw-maslahatyna gatnaşan myhmanlarda uly tasirler galdyrdy. Okuw-sapagynyň esasy maksady türkmen medeniýetini we milli mirasyny dünýä ýaýmakda şeýle-de geljek nesillerimize aýawly saklap ýetirmek üçin uly ähmiýete eýedir.