Primary tabs
Submitted by museum on 22.06.2023
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly iş maslahaty geçirildi
Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda beýik işleri amala aşyrýar. Türkmen medeniýeti özüniň baý taryhy ýadygärlikleri, çuň mazmunly ruhy baýlygy, nusgawy edebiýaty, şirin saz sungaty, amaly-haşam sungatynyň dürdäneleri, nepis halysy, milli şaý-sepleri, şekillendiriş sungaty bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Mähriban halkymyz dünýä medeniýetiniň gazananlaryna ägirt uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda çeper we ylmy edebiýaty bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna örän uly goşant goşupdyrlar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden we dabaraly belläp geçmek indi asylly däbe öwrüldi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda medeniýet hepdeliginiň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň direktorynyň w.w.ý.ý. Maksat Kerimow, “Gökdepe” Milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Çeperçilik dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüm müdiri Gurbanmuhammet Baýramow we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Söýün Sähetgylyjow muzeýiň rejeleýiş otagynda muzeý gymmatlyklarynyň täze usullarynyň kömegi bilen rejelenişini amaly taýdan görkezdiler. Şol maslahatyň çäklerinde Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Bu sergide muzeýiň gaznalarynda saklanýan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ş.Akmuhammedowyň, W.Maýkowskiniň ajaýyp nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlar bolan J.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň heýkel eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da Döwlet muzeýiň suratkeş işgärleriniň nakgaş eserleri serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Şeýle-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň däp bolan durmuş esbaplary giňden görkezilýär hem-de zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary sergä aýratyn gözellik berýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri serginiň görnükli ýerinde görkezilýär.