Primary tabs
Submitted by museum on 15.06.2023
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde
“Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy” atly sergi geçirildi
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olar gaýtadan, döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary we ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özenidir. Halkyň ruhy asyrlaryň dowamynda has berkäp, sünnälenip, edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde aýdyň beýanyny tapýar. Medeniýetiň, sungatyň üsti bilen halk özüne akyl ýetirýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, Şekillendiriş sungaty eserleri gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ş.Akmuhammedowyň, W.Maýkowskiniň ajaýyp nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlar J.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň heýkel eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da Döwlet muzeýiniň suratkeş işgärleriniň nakgaş eserleri serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Şeýle-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň däp bolan durmuş esbaplary giňden görkezilýär hem-de zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary aýratyn gözellik berýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri serginiň görnükli ýerinde hem orun aldy. Hormatly Prezidentimize sowgat berilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik sungat eserlerini sergide synlamak bolýar. Häzirki zaman zergärçilik sungat eserlerinde döwrümiziň bagtyýar ösüşi, ussat zergärlerimiz tarapyndan çeperçilik bilen beýan edilýär.
Baýramçylyk sergisine döredijilik adamlary gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew dabaraly ýagdaýda açdy.
Şeýle-de dabarada Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm müdiri, Prezidentiň yglan eden, Altyn Asyr bäsleşiginiň yeňjisi, şahyr Ogulgözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň 1 derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 1 derejeli suratkeş rejeleýjisi Söýün Sähetgylyjow çykyş etdiler.