“Mirasym bar – sarpam bar” atly göçme sergi

“Mirasym bar – sarpam bar” atly göçme sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumuzyñ muzeýleri biziň halkymyzyň baý medeni mirasyny wagz etmek işinde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi öz täsin gymmatlyklary, şeýle hem gyzykly ekskursiýalary bilen ýurdumuzyñ ähli künjeklerinden gelen raýatlary hem-de daşary ýurtly myhmanlary özüne çekýär. Muzeý ekskursiýa bermekde, göçme sergi gurnamakda we dürli görnüşli medeni-köpçülik çärelerini geçirmekde guramaçylykly hyzmat etmegi güýçlendirmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky, onuň töweregindäki orta we ýöriteleşdirilen mekdepler, ýokary okuw mekdepleri bilen ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýdy. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ýaşlarda Watana, halka söýgi döretmek we ony wagz etmek muzeý işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde “Mirasym bar – sarpam bar” atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar sergilendi. Olardan: haly we haly önümleri, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, darak we öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar sergilenen we serginiň görnükli ýerinde bolsa berkarar döwletimiziň tebigat gözelliklerini we ösümlik dünýäsini şekillendirýän halylar görkezilen.