Primary tabs
Submitted by museum on 17.05.2023
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde
«Bagt kanuny – bakylygyň baýdagy» atly sergi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagt kanuny – bakylygyň baýdagy» atly sergi gurnaldy.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” mähriban halkymyz goşa baýramçylygy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden toýlaýar. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyza, milli döwletliligimiziň möhüm nyşany bolan Döwlet baýdagymyza halkymyz çäksiz buýsanýar we uly hormat goýýar. Garaşsyz döwletiň gurulmagy, onda milli tugumyzyň astynda agzybirlikde we jebislikde ýaşalmagy ata-babalarymyzyň hasyl bolan ajaýyp arzuwlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamaga, ýurt Garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen esas goýujy hukuk binýadydyr.
Baýramçylyk sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimizi wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezildi.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýew, “Milli goşun” žurnalynyň jogapkär kätibi Aşyrmät Garlyýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow çykyş etdiler.
Sergä gatnaşyjylar milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddeslikler – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ähmiýeti, onuň belent manysy, mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgular okadylar. Bu çykyşlar sergä gelen myhmanlarda, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.