Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergi geçirildi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanyna 78 ýyl geçen hem bolsa, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Hakyky watançylygy bilen öz durmuş ýollaryny nusgalyk göreldä öwren ýaşuly neslimiz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň hem buýsanjydyr. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan gahrymanlary baky ýaşaýar» atly sergi gurnaldy. Serginiň girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, parahatçylygy, asudalygy wasp edýän zergärçilik eserlerine hem görnükli ýerde orun berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly kitabynyň şekili çitilen haly pannosy bu sergä aýratyn gelşik berýär. Sergide Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary görkezilmegi ony görmäge gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp dokan ýyly ýüň dolaklaryny, joraplaryny, tiken eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlar gazaply uruş ýyllaryny beýan edýär. Belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan çekilen M.Ahmedowyň, A.Agalyýewiň portretlerinde türkmen ýigitleriniň merdana keşbi janlandyrylypdyr. Sergide söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordenleriň, medallaryň, frontdan gelen üçburçly hatlaryň, edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy dokumentleriniň goýulmagy has-da täsirli boldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew açdy. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Erkin Kösäýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Orazguly Karataýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Geldimyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew gatnaşdylar hem-de täsirli çykyş etdiler.