Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi – ýyndamlygyň hem gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi – ýyndamlygyň hem gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky özüniň medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny saklap galmagy başaran halkdyr. Türkmeniň köňül buýsanjy, gardaşy hasaplanýan behişdi bedewleriň aslyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň we düýpsiz umman ýaly çuň taryhyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny duýmak bolýar. Dünýä derejesinde belent ada mynasyp bolan ahalteke bedewlerimiz özleriniň ýyndam-ýüwrükligi, ýörişlere çydamlylygy bilen türkmeniň adyny belende göterip birnäçe ýaryşlara, atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolupdyrlar. Häzirki wagtda behişdi bedewlerimiziň at-owazasy has hem arşa galýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi – ýyndamlygyň hem gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan I.Işangulyýew, P.Gapançaýew ýaly nakgaşlaryň bedew temasynda döredilen eserleri görkezilýär. Bu ýerde ahalteke bedewiniň gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary bilen birkemsiz bezelen keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. Muzeýiň gazanlarynda saklanylýan at esbaplarynyň, gadymy bezeg şaýlarynyň, haly önümleriniň, keçeleriň görkezilmegi sergini baýlaşdyrýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa açdy. Sergide Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylym bilim işgärleriniň hünär kämilleýiş bölüminiň müdiri Sapar Durdyýew, “Miras” radioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Köşüli Annaseýidow, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hünärmeni Ogulnur Gurdowa, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň gyşky we suw olimpiýa fakultetiniň atçylyk mugallymy Myrat Duýdanow, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we ýaşlar baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi, çapyksuwar – Baba Babaýew çykyş etdiler. Dabarada täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ahalteke bedewi – ýyndamlygyň hem gözelligiň nusgasy» atly sergä aýlanyp gördüler.