Primary tabs
Submitted by museum on 06.04.2023
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde ABŞ-nyň hünärmenleri bilen «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň soňky nesillere galdyran gymmatly mirasydyr. Şeýle bolansoň ýurdumyzyň alymlary tarapyndan öwrenilip, bu ýadygärliklerde gerek bolan rejeleýiş işleri geçirilip durulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda daşary ýurtly hünärmenler bilen hem maslahatlaşyp işlemäge köp mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň arasynda Mary welaýatynyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikleri öwrenmekde we gerek bolan rejeleýiş işlerini alyp barmakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas ştatynyň uniwersitetiniň taryhy binalary dikeldiş hünärmenleri hem-de Metropolitan sungat muzeýiniň wekilleri 2023-nji ýylyň 1-nji aprelden 8-nji aprel aralygynda ýurdumyzda resmi saparlarda boldular.
Saparyň çäklerinde Metropolitan sungat muzeýiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ozal baglaşylan “Arheologik ylmy-barlag işleri babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygy” esasynda Daňdanakan we Kuşmeýhan arheologiki ýadygärliklerinde arheologiki gazuw barlag işlerini dowam etdirmegi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Taryhy ýadygärliklerini goramak we öwrenmek hem-de rejelemek barada milli müdirliginiň başlygy Muhammet Mamedow, Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni goraghanalaryň ýolbaşçylary we muzeý hünärmenleri we San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas ştatynyň uniwersitetiniň taryhy binalary dikeldiş hünärmenleri: ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Taryhy binalary dikeltmek boýunça maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy Anjela Lombardi, ABŞ-nyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Medeni durnuklylyk merkeziniň müdiri, Taryhy binalary gorap saklamak boýunça professor Wilýam Dýupon, ABŞ-nyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Medeni durnuklylyk merkeziniň Taryhy binalary gorap saklamak boýunça inženeriniň kömekçisi Sara Rodrigez-Himeno, Metropolitan sungat muzeýiniň kuratory, Ştutgartyň Linden muzeýiniň ylmy-barlag işleri boýunça maslahatçysy Martina Rugiadi, Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň Kollejiniň Yslam arheologiýasy boýunça professoryň kömekçisi Pol Wordswort, şeýle hem ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Tegelek stoluň başyndaky duşuşykda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýi hem-de Daňdanakan we Kuşmeýhan arheologiki ýadygärliklerinde alnyp baryljak işlerini maslahatlaşdylar we iş saparynyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologiki tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde, taryhy medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini dikeltmekde alyp barýan işleri we bu ugurdaky taýsyz tagallasy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
Duşuşykdan soňra myhmanlar muzeýiň sergi bölümlerine aýlanyp gördüler.