2023-njy ýylyň 29-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Dünýäň özem gözellige aşykdyr” atly edebiýat agşamy gurnaldy

2023-njy ýylyň 29-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Dünýäň özem gözellige aşykdyr” atly edebiýat agşamy gurnaldy Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Arkadag serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň döredijiligine bagyşlanyp “Dünýäň özem gözellige aşykdyr” atly edebiýat agşamy gurnaldy. Edebiýat agşamyny Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewa özüniň ajaýyp şahyrana şygyrlary bilen dabarany açyp berdi. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edildi. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň şygyrlaryny çeper-labyzly okadylar. Halypa şahyr talyplaryň çeper okaýyşlaryna ýokary baha berip, olara okuwlarynda üstünlikler arzuw etdi. Dabaranyň ahyrynda halypanyň ömri-döredijiligi barada wideşekile tomaşa etdiler. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew jemledi.