Primary tabs
Zeminiň zynaty-durmuşyň ýazy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni abadançylyga, rowaçlyklara, zähmet ýeňişleriniň toý-baýramlaryna beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, atalarymyzyň parasatly ýörelgelerine wepaly bolup, zenan mertebesini belentde tutmak, mähriban enelerimiziň, uýalarymyzyň, gyzlarymyzyň asuda durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmekde Garaşsyz Watanymyzda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň öňe sürülýän ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlap “Zeminiň zynaty-durmuşyň ýazy”atly sergi gurnaldy.
Sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan türkmen zenanlaryny bezeýän gadymy zenan şaý-sepleri we häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Bulardan başga-da serginiň esasyny gadymýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdelenen kürteler, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, ak çyrpylar hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler, birnäçe haly önümleri düzýär. Ussat suratkeşlerimiziň hem-de muzeýiň hünärmenleriniň çeken eserleri sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyz Y.Gylyjowyň, Ş.Akmuhammedowyň, Kupriniň, W.Maýkowskiniň, şeýle-de ýaş suratkeş A.Çakanowanyň nakgaş eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň “Tomirus”, “Radaguna”, ýaş suratkeşler H.Şamseddinowyň “Ene ýüregi”, G.Ýazmuhammedowanyň “Milli natýurmort”, “Milli gymmatlyklarymyz”, Ş.Mämmedowanyň “El hünäri il gezer” atly nakgaş eserleri bolsa sergide ilkinji gezek görkezilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Halkara zenanlar güni bilen gutlady we sergini açdy. Sergide Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Jeren Baltaýewa. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy Mährijemal Bereketowa. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary- Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.