Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar

 

Pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, müdümlige öwrülen sungatydyr. Türkmeniň milli mirasynyň bölegi bolan amaly-haşam sungaty hem dünýä medeniýetine özüniň uly goşandyny goşdy. Muňa mysal edip, türkmeniň nepis halylaryny we haly önümlerini, zergärleriň elinden çykýan, sünnälenip kümüşden ýasalan owadan şaý-seplerini almak bolýar. Amaly-haşam sungaty türkmen halkynyň taryhyny, ýaşaýyş durmuşyny, tebigatyny açyp görkezýän uly hazynadyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlaryň synagyndan geçip, taryhdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy, baý mirasymyzy öwrenmek, saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

         Umumadamzat medeni baýlyklarymyz hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, “Görogly” dessançylyk sungatymyzyň, “Dutarda saz çalmak, aýdym aýtmak we dutar ýasamak senetçiliginiň”, “Türkmen halyçylyk sungatynyň”, “Küştdepdi” milli aýdym we tans sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň bütindünýä ykrarnamasydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz edýän “Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Rahim Hojamyradow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, KA-nyň işjeň agzasy Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň taryh bölüminiň ylmy işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Perhat Tejenow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni-aň bilim işleri bölüminiň uly ylmy işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Gülälek Mämiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni-aň bilim işleri bölüminiň müdiri gatnaşdylar.

Söhbetdeşlik milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmeklige, geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklamaklyga, olar baradaky ylmy maglumatlary ýaşlarymyza wagyz etmeklige gönükdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkymyzyň baý taryhyny, milli mirasyny öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.