Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilen 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyzyň, maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanyşyna, olaryň ylmy taýdan öwrenilip, halk köpçüligine wagyz edilişine üns has-da aýratyn güýçlendirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde türkmen taryhyny, medeni mirasyny dikeltmek, aýawly saklamak we wagyz etmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň üsti bilen ýaş neslimizde Watana, halka söýgi döretmek babatynda uly işler geçirilýär. Muzeýlerde alnyp barylýan işleri döwrebap amala aşyrmaga mümkinçilikleriň gerimi gün-günden giňeýär.
Diýarymyzda ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär.
Durmuşa geçirilýän üstünlikli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň iri muzeýleriniň hem internet saýtlary işe girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde häzirki wagtda www.museum.gov.tm internet saýty we www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý internet saýty döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki iri muzeýlerinde hem wirtual muzeýleri döretmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeý işini döwrebaplaşdyrmak” atly maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän döwlet muzeýleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Onda muzeýleriň hünärmenleri ýurdumyzda sanly ulgam arkaly häzirki zaman muzeýler ulgamynyň işini gurnamaga, dolandyrmaga we sanly ulgamy kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňden durup geçdiler.
Maslahaty Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismaýyl Orazow alyp bardy. Maslahatda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki muzeýiniň direktory Maýagül Çaryýarowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi” kafedrasynyň müdiri Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ekskursowody Ogulşat Dädebaýewa çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge, ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen wirtual muzeýleriň döredilmeginde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.