Primary tabs
“Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar” diýip belläp geçen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda örän uly wajyp işleri ýola goýýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasy geçirildi. Onda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýik maksatlara bagyşlanyp, bu gatnaşyklarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň başy başlandy. Türkmenistan bu işleri üstünlikli dowam etdirmegi maksat edinýär. Köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar.
Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap, Merkezi Aziýa ýurtlaryna döwlet saparynda bolup, dürli ugurlar boýunça, ykdysadyýetde, syýasatda, nebit we gaz ulgamynda, himiýa senagatynda, saglyk we bilim ulgamynda, gurluşykda, oba hojalygynda, medeni gatnaşyklarda möhüm işleri amala aşyrdy. Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň kepili» atly sergi gurnaldy.
Sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň portreti we Döwlet nyşanlary bilen baglanyşdyrylyp, ýurdumyzyň syýasatyna bagyşlanýar. Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, halkara derejede geçirilen forumlara, mejlislere degişli ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlerini janlandyrýan fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan Döwlet Baştutanymyza sowgat berlen, ýurdumyzyň syýasy öňe gidişliklerini beýan edýän ajaýyp zergärçilik eserleri, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan çekilen sungat eserleri, hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.
Döwlet muzeýinde geçirilen sergini Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Medeni aň- bilim işleri” bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew alyp bardy. Şeýle-de Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň agzasy Aýgözel Nurlyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Muhammet Jemilow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň jogapkär kätibi Gülsoltan Annagulyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri Ogulnur Annadurdyýewa gatnaşdylar we ýurdumyzyň ösüşleri hakynda gürrüň etdiler.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji partiýa guramasynyň işjeň agzalaryna sowgatlar gowşuryldy.