Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda “Sahy topragyň berekedi” atly sergi geçirildi

 

Sergi üç bölümden ybarat bolup, birinji bölümi biziň ýurdumyzda ekerançylyk medeniýetiniň döremegine, onuň taryhyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda Jeýtun obasynyň ýanynda oturymly ekerançylygyň ilkinji alamatlarynyň tapylmagy möhüm taryhy waka bolup durýar. Sergide şol ýerden tapylan arheologiki tapyndylar bolan soky daşlar, owguçlar, oraklar, Marguşdan tapylan hasyllylygyň nyşany bolan aýal heýkeljikleri görkezilýär. 1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde Änewde biziň eýýamymyzdan öňki dördünji müňýyllyga degişli ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Şonuň üçin türkmen topragy ak bugdaýyň mekany hasaplanylýar. Şoňa degişli sergide täsin eksponatlaryň birini – gipsiň ýüzinde ak bugdaýyň yzlaryny hem görüp bolýar.

Serginiň ikinji bölümi Türkmenistanda ХХ asyryň 30-50-nji ýyllarynda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanýar. Şol ýyllaryň fotosuratlarynda pagta meýdany, ýygymçy gelin-gyzlar, ilkinji traktor, hasylyň ýygylýan gyzgalaňly pursaty, daýhanlaryň edermenligi görkezilýär. Ikinji bölümde şol döwre degişli zähmet gurallary, oba hojalygyna degişli esbaplar sergilenýär.

Serginiň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň bereketli topragynda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, fotosuratlar, haly we haly önümleri, içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri görkezilýär. Giňden görkezilen bakja we gök önümler serginiň esasy özenini düzýär.

Bu serginiň maksady her bir öýde baýramçylyk saçagyny giňden ýazmaga mümkinçilik döredýän ekin meýdanlarynyň zähmetkeşlerine goýulýan hormaty we minnetdarlygy beýan etmekden ybaratdyr.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni-aň işler bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew alyp bardy. Dabara Türkmenistanyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Däneli, kösükli däneli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Güljemal Taýlakowa, Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň esasy hünärmeni, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hünärmeni Akjemal Suhanowa, Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa,Türkmenistanyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Maksat Rozyýew, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, “Ahal durmuşy” gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Maral Orazowa gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar Hasyl toýyna bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan “Sahy topragyň berekedi” atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.