Primary tabs
Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaý itiniň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.
Hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallasy bilen alabaý itiniň dünýädaki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzda ilkinji gezek oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň milli baýramy bellenilip geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, alabaý itiniň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşigiň geçirilmegi hem-de onuň ýeňijisine «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» derejesiniň berilmegi aýratyn bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy. Bu kitapda diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilmän, eýsem, alabaý itiniň medeni gymmatlygy we özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Türkmen alabaýy türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär. Häzirki döwürde türkmen alabaý itiniň keşbi özüniň ähmiýetini birjikde ýitirmän, gaýtam, has çuň many-mazmuna eýe boldy. Çünki olar özüne adamlaryň köp nesilleriniň buýsanç duýgularyny, olaryň asylly zähmeti üçin ata-babalarymyza hoşallyklaryny jemledi.
Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly sergi hem ýokary derejede guraldy. Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan haly pannolara aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýänligini alamatlandyrýar. Şeýle-de sergide muzeýiň arheologiýa gaznasynda saklanýan toýundan ýasalan itiň heýkeljikleri, ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan gadymy fotosuratlar, maddy-medeniýet we sowgatlyklar gaznalarynda saklanylýan alabaý bilen bagly zergärçilik eserleri hem-de heýkeller sergilendi.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň «Türkmen iti» kinologlar klubynyň başlygy Allamyrat Darganaýew, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Döwletmyrat Kürrikow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň müdiri Agamyrat Baltaýew, S.A,Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, kafedra müdiri Saparmyrat Annamuhammedow, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky demir-beton önümleri kärhanasynyň adminstratiw-hojalyk we ýaşaýyş jaýlar bölüminiň başlygy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Ahal welaýat «Alabaý itleri» assosiasiýasynyň kätibi Mekan Gurbandurdyýew çykyş etdi. Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.