Primary tabs
Türkmenistanda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Watan goragyna gidip, söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçekler hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan mähribanlar ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Türkmen halkynyň taryhynda yz galdyran şol hasratly wakalar, öz taryhyna hormat goýýan her bir türkmen raýatynyň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Çünki türkmen halky Watan mukaddesligini ýüreginde göteren ata-babalarymyzyň edermenligi baradaky hakydany nesilden-nesle geçirip gelýär.
Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hatyra gününe bagyşlanan «Watan gahrymanlary unudylmaýar» atly sergi gurnaldy. Sergi Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlarymyz, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi çitilen haly pano bilen açylýar. Türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan, paýtagtymyzyň gözel ýerlerini wasp edýän zergärçilik eserlerine aýratyn orun berilýär. Aşgabat ýer titremesi ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine hem zeper ýetirdi. Sergide Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri görkezilýär. Bu sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan Aşgabat ýer titremesi barada we Gökdepe galasynda bolan söweşiň taryhyndan söhbet açýan dokumental fotosuratlar ýerleşdirildi. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriniň ýer titremeden öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniñ binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Artyk Artykow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Hangeldi Baýramow çykyş etdi. Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.