Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi gurnady»

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli

«Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi gurnady»

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. «Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew sergini açdy. Bu dabara döredijilik we sungat işgärleri, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomаtologiýa okuw önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy Bibi Hojatowa, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Ogulnur Annadurdyýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komutetiniň baş hünärmeni Akjemal Suhanowa çykyş etdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň aýdymçy artisti Gülşirin Annamyradowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar fakultetiniň uly mugallymy Dürjemal Taňňyýewa bilelikde çykyş etdiler.

Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasy, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler.

Serginiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.