Primary tabs
Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk durmuş ýolunda paýhas, ylym-bilim, sungat bilen egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilimler mirasyny, terbiýe mekdebini döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasion ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli şertler döredilýär.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bilim – kämilligiň ýoly» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň pähimli sözleri bilen başlaýar. Serginiň dowamynda türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserlerini görmek bolýar. Şeýle-de, sergide Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişlikler açylyp görkezilýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary, olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berilýär. Serginiň dowamynda taryhy fotosuratlar görkezilip, şol fotosuratlaryň üsti bilen ilkinji alnan bilimler barada düşünje almak bolýar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynyň we synp tagtasynyň hala geçirilen nusgasy görnükli orun eýeleýär.
Baýramçylyk sergisine Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň «Taryh we Arheologiýa» institutynyň direktorynyň orunbasary Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow, Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Bereketowa Mährijemal, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ogujan Berdiýewa dagylar gatnaşyp täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.