Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ösüşiň belent ýoly bilen milli mirasymyza sarpa” atly maslahat geçirildi

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda mukaddeslige öwrülen halkymyzyň baý medeni mirasyny, onuň dünýä medenýetine goşýan goşandyny, zenanlara goýulýan sarpany gender deňligini, wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň bilelikde gurmaklarynda “Ösüşiň belent ýoly bilen milli mirasymyza sarpa” ady bilen tegelek stolyň başynda maslahat geçirildi.

Maslahaty “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” bölüminiň müdiri Babaýewa Ýazjahan alyp bardy. Maslahatda Ataýewa Aýnabat – “Bereketli toprak” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, Ogulbaýram Meläýewa – Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, Täzegül Täçmämmedowa – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, Bahartäç Rustemowa – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary, Maýa Babaýewa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, Aýjemal Baýramowa – Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy çykyş etdiler.

Olar ussat zergärlerimiz tarapyndan sünnälenip ýerine ýetirilen milli şaý-sepleri, zergärçilik eserleri barada, ene-mamalarymyzdan miras galan milli egin-eşikleri, haly we keçe sungatlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgasyny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýändigi barada aýdyp geçdiler. Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidigi, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýänligi, müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp dessurlary barada gürrüň edildi.

Maslahat tamamlanandan soň gelen myhmanlar “Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji hazynasy” atly sergä aýlanyp gördiler.