Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda «Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy» atly sergi guraldy

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy» atly sergi guraldy. Bu sergi 2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Muzeýde guralýan wagtlaýyn sergilerden tapawutlylykda bu sergi muzeýiň gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagyna bagyşlanyp, milli zergärçilik önümlerine degişli bezeg şaý-sepleriniň soňky ýyllarda gelip gowuşan toplamalary sergide görkezilýär.

Türkmenleriň zergärçilik sungaty dünýä döwletlerinde duş gelmeýän, özboluşly gaýtalanmajak medeniýetiniň seýrek nusgasydyr. Halkymyzyň geçmişde döreden, zenanlarymyzyň dakynan şaý-sepleriniň görnüşleri, olaryň ýasalyş aýratynlyklary, nagyş bilen bezeliş ýollary ir wagtlardan bäri alymlaryň,dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Gadymy senetleriň özboluşly, gaýtalanmajak baýlyklary bilen içgin gyzyklanýan daşary ýurtly kolleksionerler olary uly gyzyklanma bilen toplaýarlar. Şeýle kolleksionerleriň biri hem Şweýsariýa Konfederasiýasynyň raýaty hanym Natali Markarýan-Fard barada aýtmak bolar.

«Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy» atly serginiň esasyny Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhananyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramaçylykly işleri netijesinde gelip gowuşan hanym Natali Markarýan-Fardyň türkmen milli şaý-seplerinden ybarat bolan kolleksiýasy düzýär. Ol öz gymmatly kolleksiýasyny türkmen halkyna bagyşlamagy makul bilip, Döwlet muzeýine sowgat berdi.

Zenan kolleksioneriň bu toplamasy XIX-XX asyrlara degişli 80-den gowurak zergärçilik önümlerinden ybaratdyr.Gymmatlyklar toplamasyny maňlaýlyklaryň birnäçe görnüşleri, saç bezegleri, boýna dakylýan şaý-sepler, gyz-gelinleriň goşarlaryny bezeýän goşma bilezikleriň birnäçe görnüşleri we çapraz-çaňňalar, ýaşmakujylar bilenbaýlaşdyrypdyr. Türkmeniň bedew atlaryna niýetlenip ýasalan gözlük, kümüş saply gamçylary, jöwher pyçaklaryhem toplamanyň düzümine girýär. Kümüşden ýasalyp bezelen baş daragyň görnüşi, ikbaşy,gopuzyň ýeke-täk nusgalarynyň muzeý gaznasyna goşulmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Türkmen zergärçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde täze ösüş ýoluna eýe boldy. Sergide hem bezeg şaýlarynyň milli nusgalary bilen häzirki zaman nusgalarynyň sazlaşykly ýasalan görnüşleri görkezilýär. Şeýle serginiň Döwlet muzeýinde ilkinji gezek guralanlygyny hem bellemek gerekdir.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary – Bahartäç Rüstemowa alyp bardy. Serginiň açylyş dabarasynda gatnaşan myhmanlar: Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň başlygy – Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty – Han-Durdy Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr – Oguljemal Çaryýewa, Sungatda at gazanan suratkeş – Amanmuhammet Hydyrow, Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň sungatyň taryhyndan ýörite ders öwrediji mugallymy – Oguljan Berdiýewa, Bäşim Nuraly adyndaky ýörite çagalar çeperçilik mekdebiniň şekillendiriş sungatyny öwrediji mugallymy – Ogulgül Nuryýewa, Bäşim Nuraly adyndaky ýörite çagalar çeperçilik mekdebiniň zergärçilik sungatyny öwrediji mugallymy – Şamyrat Rejepow.

Hanym Natali Markarýan-Farda hem-de şahsy adamlara, toplaýjylara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat berip, muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmaga ýardam berenlerini üçin Döwlet muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan minnetdarlyk bildirildi.

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýüzüne wagz etmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sagbolsun, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslensin!