Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde gurnalan göçme sergi

 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarnyň tomusky dynç alyş möwsümlerini peýdaly geçirmek maksady bilen döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda çagalaryň bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda dil merkezleri, sport toplumlary, el işleriniň gurnaklary, döredijilik bilen meşgullanmak üçin gurnaklar işleýär. Ýaňy ýakynda tomusky dynç alyş möwsümine çykan çagalarmyzy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dawaraly ýagdaýda ugradyldy. Bu gurnalýan çärelerde hem-de çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin bir näçe peýdaly duşuşuklar yzygiderli geçirip durulýar. Döwlet muzeýi hem bu işden daşda durmaýar.

2022-nji ýylyň iýul aýynyň 22-ne «Ýaşlyk» we «Çeşme» adyndaky çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde «Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi» atly sergi gurnaldy.

Bu sergide guşlaryň we haýwanlaryň gäpleriniň birnäçe görnüşleri şeýle hem Türkmenistanda gazylyp alynýan ýer asty baýlyklaryň dürli görnüşleri görkezildi. Olar hakynda muzeýiň hünärmenleri tarabyndan çagalara täsirli gürrüňler berildi. Çagalary sagaldyş we dynç alyş merkeziniň mugallymlary we onda dynça alýan çagalar özlerinde galdyran täsirleri barada aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.