“Ak ýollara rowan Watan” atly söhbetdeşlik

 

“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Garaşsyzlygy gazanyp, hemişelik Bitaraplyga eýe bolany bäri dünýä derejesinde at-abraýy has-da artýan Watanymyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady hyzmatdaşlyklar bilen birlikde, medeni gatnaşyklar hem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berýär.

Halkymyz Watanyny ene toprak, ata Watan diýip atlandyrmak bilen, iň ýakyn mähribanlaryna deňeýär. Türkmenistan döwletimiziň halkymyz tarapyndan beýik söýgi bilen gurşalmagy watançylyk duýgularynyň mizemez gözbaşydyr.

Ykbaly göterilen türkmen halky bu gün eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy başlangyçlaryny, beýik özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen ulus-ilimiz Watanymyzyň taryhy ösüşlerine saldamly goşandyny goşýar.

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ak ýollara rowan Watan” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde gün-günden galkynýan Watanymyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, parahat we bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmäge hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler barada gürrüň edildi. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyz hemişe hormat-sylaga mynasypdyr diýip bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen sözleri söhbetdeşligiň özenini düzdi.

Goý, abadançylygyň röwşen gadamlary bilen galkynýan ata Watanymyzyň şan-şöhraty has-da belende göterilsin!