Primary tabs
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegi boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Muzeýleriň gaznahanalary ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijelerinde tapylan birnäçe taryhy gymmatlyklar bilen üsti ýetirilip durulýar we ol tapyndylar muzeýleşdirilýär hem-de goralyp saklanylýar.
Şeýle taryhy tapyndylaryň arasynda bolsa rejeleýiş işlerine mätäçleri hem bolýar. “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Gäwür gala ýadygärliginden tapylan birnäçe bölekden ybarat bolan Buddanyň heýkeliniň kellesi muňa mysal bolup biler. Bu gymmatly tapyndy Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeldir. Bu ýadygärligi öwrenmek işi 1960-1978-nji ýyllar aralygynda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta-Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan geçirildi we bu işleri arheolog-doktorlar Gennadiý Koşelenko we Zamira Usmanowa ýerine ýetirdiler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnama kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hödürlän taslamasy, ýagny, Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek boýunça taslama saýlanyldy.
2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu şanly waka mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabaraly duşuşygy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet işleri boýunça atteşesi Naýjel Robinson açdy we ähli gatnaşyjylar bilen tanyşdyrdy. Soňra ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimou çykyş etdi we “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnamanyň 2021-nji ýyl tapgyrynyň ýeňijisini yglan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” atly maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hödürlän taslamasynyň ýeňiji hökmünde saýlanylmagyna muzeý işgärleriniň adyndan minnetdarlyk sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize, jenap Ilçi Mettýu Klimou çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra dabarada wideo aragatnaşyk arkaly Jan Pol Getti muzeýiniň Baş rejeleýjisi we Gadymy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň başlygy hanym Suzan Gänzik çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkelini rejelemek işlerini nähili alyp barjakdyklary barada giňişleýin durup geçdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini dikeltmekde alyp barýan işleri we bu ugurdaky taýsyz tagallasy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi jenap Mettýu Klimou hem-de bu ugurdaky işleri alyp barýan amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.