Medeniýet – türkmen halkynyň ruhy hazynasy.

      

Biziň halkymyz bäş müň ýyllyk şöhratly geçmiş taryhly halk bolup, şol taryhy döwürlerde-de dünýä medeniýetine, sungatyna mynasyp goşant goşup gelipdir. Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň döreden milli medeni mirasy çuňluklara aralaşyp, giňden we içgin öwrenilýär. Şol döredilen tapylgysyz hazynanyň dür-däneleri birin-birin öwrenilip, nesilden-nesle geçirilip mynasyp dowam etdirilýär. Olar ýoýulman, asyl nusgasynda barha kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeni mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluna hormat goýmakda ýöredýän adyl syýasata goşant goşmak maksady bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşýarlar.

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň joşgunyny Ruhyýet köşgüniň foýesinde ýaýbaňdyrylan ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleriniň   şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri has-da artdyrdy.

Ruhyýet köşgüniň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklarynyň görkezilmegi bolsa bellärliklidir. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işi ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de ýurdumyzyň öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlar hem geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň muzeýleri baradaky wideorolige hem tomaşa etdiler.  

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan döredijilik duşuşyklar türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem,onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin gelejekde ýerine ýetirilmeli işleriň wajyp ugurlaryny kesgitlemäge şert döreder.