Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň milli hazynasy» atly sergi gurnaldy

 

Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we  halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde gözel Diýarymyzda medeniýet ulgamy täze öwüşgünlerde uly üstünliklere beslenýär.

Medeniýet, sungat we şygryýet  özara aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» milli tansynyň, halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň dünýä medeniýetiniň adamzat gymmatlygyna öwrülip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi, milli medeni gymmatlyklaryň mekany, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini ýene bir gezek belende göterdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde  «Medeniýet – halkyň milli hazynasy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Bu sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, şeýle-de Şekillendiriş sungaty eserleri gaznasynda saklanýan halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ş.Akmuhammedowyň, W.Maýkowskiýniň ajaýyp nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlar bolan J.Jumadurdynyň, A.Şetininiň, S.Babaýewiň heýkel eserleri aýratyn orun alýar. Mundan başga-da sergide Döwlet muzeýiň suratkeş işgärleriniň nakgaş eserleri serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Serginiň dowamynda amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, milli saz gurallary, türkmenleriň durmuş esbaplary giňişleýin görkezilýär.

Baýramçylyk sergisine döredijilik adamlary gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew dabaraly ýagdaýda açdy.

Şeýle-de dabarada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kаndidaty Täzegül Hapyzowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly  mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Şadurdy Baýjykow, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginiň kinorežissýory, artist, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Öwezgylyç Şarlyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Yhlas Islamow  çykyş etdiler.