Primary tabs
Halkymyzyň taryhy – medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşmakda türkmen halkynyň gadymy senetleriniň biri hasaplanýan milli keşdeçilik sungaty aýratyn orun eýeleýär. Keşdeçilik türkmen amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol zenanlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Geçmişde eli çeper gelin-gyzlarymyz keşde çekmek üçin owadan nusgalar döredip reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzüne sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başaryp, ajaýyp milli lybaslaryň ençemesini döredipdirler. Keşde nagyşlarynda tebigatyň ajaýyp gözelliklerini nagyşlara siňdiripdirler. Olar nagyşlarynyň üsti bilen diňe bir tebigatyň gözelliklerini şekillendirmän, eýsem öz arzuw-owazlaryny hem beýan edipdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnälenip bejeren kürtesiniň 2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy kalbymyzda egsilmez buýsanç döretdi. Ogulabat ejemiziň bu ajaýyp el işleri türkmen zenanlaryna, aýratyn hem, ýaş gyzlarymyza görüm-göreldedir. Mähriban enäniň milliligimiziň iň ýokary nusgasy bolan bu hünäri şu günki bagtyýar zamanamyzda geçmişimiziň şuglasy bolup ýalkym saçýar. Ol amaly-haşam sungatymyzyň täze nepis öwüşginlerini şöhlelendirýär.
2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we onuň çäginde sergi gurnaldy. Serginiň esasyny maddy gymmatlyklar gaznasynda aýawly saklanylýan gelin-gyzlarymyzyň keşde usulynda ýerine ýetiren milli egin-başlary, ýagny “gülýaýdy”, “barmak”, “tegbent”, “goçak” nagyşlar bilen bezelen kürteler, “çigildem”, “süýek”, “çynar ýaprak”, “daragt”, “pürpudak”, “gyzyl alow” ýaly ajaýyp nagyşly ýaşyl, sary, ak çyrpylar, keşdelenip dokalan düýpli gyňaçlar düzýär. Ýakalary gaýma, ilme, pugtamada ýerine ýetirilen “ak gaýma”, “dagdan” nagyşly keteni köýnekler, basma görnüşinde “erik gül”, “alma gül”, “tegbent” nagyşly çabytlar, bugnamaly mahmal don, köjümede “gül” nagyşly nepislenen baldyz çäkmenler biri-birine sazlaşykly ýerleşdirildi. Eli çeper zenanlarymyz diňe öz egin-başlaryny keşdelemek bilen çäklenmän, atalaryň çäkmenlerini, ýigitleriň ezýaka, çäkýakaly köýneklerini, gyrmyzy donlary “goçak”, “dagdan” nagyşlary bilen pugtalapdyrlar. Şonuň ýaly-da çaga egin-eşikleri “daragt”, “toýnuk”, “aşyk”, “okgözi” nagyşly kirlikler, kürtekçeler, gulpaklyk, sümmen, gültahýa, ak gaýma tahýalar sergimiziň milliligini baýlaşdyrdy. Ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary üçin ulanylan köjüme, ilme usulynda ýerine ýetirilip nagyşlanan žyzlanlar, bukjalar, örtgüler, çaý haltalar, gol baglar, sagat daşlary sergide görnükli orun tutýar.
Maslahata gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan keşdeçilik sungatyna degişli milli gymmatlyklardan gurnalan sergä aýlanyp gördüler.