Primary tabs
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, şäherlerimizdir obalarymyzy döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ak şäherimiz Aşgabat şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze gurulýan toplumlaýyn binalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bitirilýän beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda «Aşgabat – dost-doganlyk merkezi» atly sergi guraldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň, seýilgähleriň we suw çüwdürimleriň suratlaryny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan gözel halylara, fotosuratlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine, gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden «Ak şäherim Aşgabat», «Parla baýdagym» ýaly ajaýyp el halylaryna we «Rowaç» hem-de «Şöhratly geçmişden beýik geljege» atly nakgaşlyk eserlerine serginiň görnükli ýerinde orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Akgül Saparowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow, Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Şahyýew we Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Ýazgeldi Saryýew gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.