Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisiniň çäginde sergi gurnaldy

 

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-13-ne Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentar forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi.

          Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisiniň geçirilmegi däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde çeperçilik we amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan uly sergi gurnadylar. Sergi birnäçe bölüminden ybarat bolup, onda esasan ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize miras galan, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar, has takygy keramika, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, keçe sungaty, milli egin-eşikler aýratynlykda görkezilýär. Ol ýerde saryja goýnuň güýzki gyrkymyndan taýýarlanýan haly we haly önümleriniň, şeýle-de keçe önümleriniň birnäçesiniň görnüşleri hem-de olary döretmek üçin gerek bolan zähmet gurallary, ýüň we ýüplükler sergilendi.

Sergide zenan maşgalanyň ýerine ýetiren işlerinden ýene-de birnäçe gymmatlyklary synlamaga mümkinçilik döredildi. Olardan keşde, köjüme, guş gözi, pugtama, syralama ýaly dürli nagyşlaryň keşdelenen milli egin-eşikleriň birnäçe görnüşi görkezilýär. Olardan: baş atgyçlary, çyrpylary, kürteleri, düýpli gyňaçlary, örülen joraplary, el bukjalary, tahýalary aýtmak bolar.

Şeýle hem sergide zergärçilik sungatyna orun berilýär. Milli geýimde oturan zergär ussanyň işläp oturan pursady görkezilen. Ol ýerde zergärçi ussa tarapyndan ýerine ýetirilýän milli gülýaka, tumar, asyk, dagdan, dört goşma bilezik, açar bagy ýaly bezeg şaý-sepleri hem-de bedewleriň bezeg esbaplary ýerleşdirilendir.

Bu sergi gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy, olar muzeý gymmatlyklarynyň özlerinde galdyran täsirlerini buýsanç we joşgun bilen beýan etdiler.